Logo rectangularLogo circle
StoreShopsBrandsBrendler

Biz barada

100haryt.com - müşderilere çalt eltip bermek hyzmatyny hödürleýän, giň kategoriýaly söwda platformalaryň biri. 

100haryt.com - alyjylar üçin uly mümkinçilikli söwda nokady bolup, ol 2016-njy ýyldan bäri öz müşderilerine söwdanyň tiz, ýeňil we amatly görnüşlerini hödürläp gelýär.

Bu söwda platformasy özüniň gaty ýaş bolmagyna seretmezden alyjylar köpçüliginiň arasynda uly meşhurlyga eýedir.

100haryt.com - söwda nokadynyň baş şygaryndan hem belli bolşy ýaly, ol öz hyzmatlaryny müşderilere tiz wagtda, ýeňil görnüşde we örän amatly bahalar bilen ýetirýär.

100haryt.com - yň ýene bir aýratynlyklaryň biri hem alyjylar köpçüliginiň gymmatly wagtyny harjamazdan, şol pursatda we ýeňil görnüşde 100haryt.com ykjam goşundysynyň üsti bilen gerekli bolan harytlaryny görüp bilmegine we sargyt etmegine mümkinçilik döredilýändigindedir.

100haryt.com-da ähli müşderiler üçin zerur bolan amatly harytlaryň on müňden gowragy bolup, her hepdäniň içinde birnäçe uludan uly arzanladyşlar yzygiderli geçirilip durýar.

Bu söwda platformasy müşderileriniň isleglerinden elmydama bir ädim öňde bolmak üçin, iň täze tehnologiýalary, logistikany we innowasiýalary ulanmaga çalyşýar